Türkmenabat galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň ýanwar—maý aýlarynyň meýilnamasy artygy bilen ýerine ýetirildi. Kärhana boýunça 49 million 893 müň 22 manatlyk iş edildi. Bu bolsa bellenilen meýilnamadan 2 million 927 müň 940 manatlyk köpdür.
Has takygy, geçen bäş aýda kärhana boýunça bugdaýy gaýtadan işlemegiň netijesinde unuň 19 müň 831 tonnasy öndürilip, 101 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şonuň 6 müň 574 tonnasy ýokary hilli, 13 müň 257 tonnasy bolsa birinji hilli undur. Şeýle-de bu döwürde kepegiň 6 müň 18 tonnasy, manny ýarmasynyň hem 55 tonnasy öndürildi. Kärhanada häzirki wagtda täze galla hasylyny kabul etmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.