«Serie A»-nyň wise-çempiony «Milan» topary-da täze tälimçisini mälim etdi. Ozaldan belli bolan portugaliýaly Paulo Fonseka «Milan» klubunyň täze tälimçisi wezipesine bellendi. Stefano Pioliniň ornuna bellenen 51 ýaşyndaky tälimçi milanlylar bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Fonseka «Milandan» ýyllyk 3,5 million ýewro hak alar. Ol 2022-nji ýyldan bäri «Lill» toparyna tälim berýärdi. «Lillden» öň «Roma», ondan öňem «Şahtýor Donesk» toparynyň tälimçisi bolan Fonseka ýurdy Portugaliýada «Pasuş Ferreira», «Porto», «Braga» we karýerasynyň ilkinji ýyllarynda başga-da 4–5 kluba tälim berdi. Fonseka «Porto» bilen Portugaliýanyň Super Kubogyny, «Braga» bilen Portugaliýanyň Kubogyny, «Şahtýor Donesk» bilenem 3 gezek Ukrainanyň çempionlygyny, şonça-da Ukrainanyň Kubogyny hem-de 1 gezek Ukrainanyň Super Kubogyny gazandy.
Italiýanyň «Ýuwentus» topary ozaldanam belli bolan täze tälimçisini resmi ýagdaýda mälim etdi. Turin şäheriniň wekili geçen möwsümde «Bolonýa» toparyna tälim beren Tiago Mottany tälimçilige belledi. «Serie A»-nyň başarnykly kluby 41 ýaşyndaky tälimçi bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Asly brazil bolan italiýaly tälimçi «Ýuwentusdan» ýyllyk 5 million ýewro hak alar. Ol «Bolonýada» 1,2 million ýewro alýardy. Motta geçen möwsümde «Bolonýany» çempionatda ilkinji 5-lige düşürip, klub 60 ýyldan soň UEFA-nyň iň uly ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazanypdy. Motta tälimçilige 2018-nji ýylda PSŽ-niň ýaşlar toparynda başlap, soňlugy bilen, 2019-njy ýylda «Jenoanyň», soňra «Spesiýanyň» hem-de «Bolonýanyň» tälimçisi bolupdy.