Futbol boýunça milli ýygyndylaryň arasyndaky iň gadymy ýaryş hasaplanýan Kopa Amerika – Günorta Amerikanyň çempionaty ABŞ-da geçiriler. Soňky çempion Argentina bilen Kanadanyň arasyndaky duşuşyk 48-nji Kopa Amerika ýaryşynyň ilkinji oýny bolar. Çempionata 16 ýygyndy – Günorta Amerikanyň ähli topary (10) bilen bilelikde, Demirgazyk Amerikadan hem 6 ýygyndy wekilçilik edýär. «A» toparçada soňky çempion Argentinanyň, Perunyň, Çiliniň, Kanadanyň, «B» toparçada Meksikanyň, Ekwadoryň, Wenesuelanyň, Ýamaýkanyň, «C» toparçada ýer eýeleri ABŞ-nyň, Urugwaýyň, Panamanyň, Boliwiýanyň, «D» toparçada-da Braziliýanyň, Kolumbiýanyň, Paragwaýyň hem-de Kosta Rikanyň ýygyndylary duşuşar. Toparçalardaky duşuşyklar Aşgabat wagty bilen 03:00-da, 05:00-da hem-de 06:00-da başlanar.
Her toparçada 1-2-nji orny eýelänler ýaryşy dowam eder. Çärýek finalyň oýunlary 5-6-7-nji iýulda, ýarym finalyň duşuşyklary 10-njy we 11-nji iýulda oýnalar. 3-nji ýer üçin duşuşyk 14-nji iýulda oýnalsa, final 15-nji iýulda geçirilip, 48-nji Kopa Amerikanyň çempiony belli bolar.