Rysgal-berekediň nyşany

20 Iýun 2024
312

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda geçen hepdäniň anna güni guramaçylykly başlanan bugdaý oragy barha ýokary depgine eýe bolup, gyzgalaňly dowam edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Daşoguz welaýatynyň gallaçylary hem ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Häzirki wagtda bereket-bolçulygyň nyşany bolan galla hasylyny bellenilen möhletlerde, çalt we ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar.

Welaýat boýunça bugdaý oragyna Görogly etrabynyň “Aksaraý” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Babamyrat Täşliýewiň ýerlerinde badalga berildi. Halal zähmet çekip, ýylyň-ýylyna ýokary netijeler gazanýan gallaçy daýhan 15 gektara barabar ýerinden ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, orak möwsüminiň başlanan gününde şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdi.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar