Ýokary hilli önümler

19 Iýun 2024
394

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, giň goldawlary bilen ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň bökdençsiz dowam etdirilmeginde, ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly beýleki binalaryň we desgalaryň  ýokary hilli gurlup, öz wagtynda ulanmaga berilmeginde gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň işçi-hünärmenleriniň hem uly goşantlary bardyr. Çünki olar  gurluşyk üçin zerur bolan gurluşyk serişdelerini ýeterlik derejede öndürmek hem-de bellenen ýerlere ugratmak bilen, şeýle netijeleriň gazanylmagyny üpjün edýärler.

Bu babatda welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň hem häzirki dowam edýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işleri amala aşyrýandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar welaýatymyzyň çäklerinde gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna, beýleki desgalara niýetlenilen gurluşyk önümlerini ýokary hilli öndürmek bilen, bu babatda göz öňünde tutulan meýilnamalary üstünlikli berjaý etmegiň hötdesinden gelýärler.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar