Ýe­ral­ma­ny to­mus ek­me­giň müm­kin­çi­li­gi

18 Iýun 2024
287

Ýurdumyzda ýeralmanyň öndürilişini artdyrmak üçin häzire çenli doly ulanylmaýan amatly mümkinçilikleriň biri ony tomus ekip, bir möwsümde iki hasyl almak usulydyr. Bu usuly ulanmaga ýurdumyzyň toprak-howa şertleri mümkinçilik berýär. Sebäbi sentýabr aýyndan noýabr aýyna çenli ýeralmanyň ösmegi üçin amatly bolýar.
Ýeralmanyň «Sedow» sortuny ilki ýaz ekip, gektardan 254 sentner, soňra geçen ýylyň tohumlyk ýeralmasyny tomus ekip, gektardan 257 sentner hasyl alyp bolýar. Aralyk ýetişýän sortlary täze tohumlyk ýeralmadan tohumlyk ekilende hem gowy hasyl berýär. Geçen ýylky we täze ýeralmadan tohumlyk serişdelerini taýýarlap, özümize gerek möçberde öndürip bolýar. Tohumlyk ýeralma giçlik ekilýän möhletlerine çenli ýönekeý şertlerde saklanyp, olary tomusda ekmek üçin ulanyp bolýar. Ýeralmany bir möwsümde iki gezek ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik bolup, ony ilki ir alabaharda ekip, bir hasyl alynýar. Soňra şol täze hasyldan tohumlygyny saýlap alyp, iýul aýynyň ahyrynda, awgust aýynyň başynda ikinji gezek ekilýär we noýabr aýynda hasyl alynýar. Ol joýalaryň arasyny 80 santimetr goýup, keşleriň bir gyrasyna ekilýär we keşleriň galan topragy bolsa tommaklamak üçin ulanylýar. Şeýle usul bilen ýylda her gektardan jemi 30 — 36 tonna ýeralma hasylyny alyp bolýar.

Tohumlyk ýeralmany şineletmek dürli usulda geçirilýär. Ol usullardan biri ýeralma saklanýan jaýda 0,5 — 0,7 galyňlykda ýa-da gutulara salyp, münderläp goýup şineletmekdir. Şeýle tertipde goýlan ýeralmalary günde pürküjiler arkaly suw bilen çyglandyrmaly. Ikinji usul çuňlugy 10 santimetr, ini 1,5 metr bolan çukurda şineletmekdir. Bu usulda çukuryň düýbüne çäge ýa-da çüýrüntgi garylan toprak düşelýär. Soňra ýeralmalar endigan ýerleşdirilýär we üstüne çäge ýa-da çüýrüntgi garylan toprak ýaýradylýar we yzgarlanyp, üstüne 10 santimetr galyňlykda gamyşdan dokalan sypal ýa-da gamyş düşek ýapylýar. Çukur günde 1 — 2 gezek yzgarlandyrylyp durulýar. Ýeralmany kesellerden goramak üçin ilkinji gezek sepilýän suwa 1 litre 200 gram gatnaşykda formalin garmak maslahat berilýär. Çukurdaky ýeralmalary hepdede bir gezek saýlap durmaly.

Meretgül TAGANMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar