«Jadyly çeşmeden » teşneligigiňizi gandyrsaňyz…

16 Iýun 2024
426

Biri-biriniň yzyndan ylgap barýan günleriň beýle çalt geçäýşini diýsene! Ýyla ýaňy bir başladyk diýersiňem welin, eýýäm tomus pasly duşumyzda. Her bir paslyň bolsa özüne mahsus aýratynlyklary bolýar. Şu nukdaýnazardan, howa ýagdaýlaryna görä geýinmek, iýip-içmek, dynç almak, garaz, gündelik edýän durmuş endikleriňi pasla görä sazlamak iň wajyp işleriň biridir. Bilşimiz ýaly, türkmen topragy güneşli ýurt hasaplanýar, şoňa görä ýokary derejä ýetýän gyzgyn howada adamlaryň göwünjeň azyk harytlaram serginlemek , teşneligiňi gandyrmak isleginden ugur alýar. Bu möwsümde ynsan saglygyny berkidýän gökdür miwe önümlerine, jöwzaly günlerde jana lezzet beriji buzgaýmakdyr dürli görnüşli içgilere isleg ýokary bolýar. Halkyň şu islegini kanagatlandyrmak ugrunda mele toprakdan bereket tapýan babadaýhanlarymyzyň gök önümçilik, bagbançylyk ugruna, şeýle-de ýurdumyzyň altyn gaznasy hasaplanýan hususy telekeçileriň ady agzalan görnüşli önümçilige ýöriteleşenleri öz üstlerine düşýän jogapkärçiligi duýup, arman zähmet çekýärler.

Biz gazetiň bu günki sanynda alkogolsyz dürli görnüşli içgileriň önümçiligi bilen meşgullanýan «Jadyly çeşme» hojalyk jemgyýeti, onuň öndürýän önümleri, önümçiliginiň ýola goýluşy, şeýle-de gazlandyrylan we gazsyz, witamin içgileriň dürli görnüşini öndürip, türkmen bazarynda azyk bolçulygyny döretmäge goşýan mynasyp goşantlary barada gürrüň ederis.

Bägül BERDIÝEWA,
«Biznes reklama».
Beýleki habarlar