Ilatyň saglygynyň goragynda

11 Iýun 2024
328

Ilatyň saglygyny goramak, dürli betbagtçylyklardan daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen müdirligimiziň işgärleri tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ählihalk işlerinde raýatlar toparlarynyň arasynda geçirilýän okuwlaryň, düşündiriş işleriniň hem ähmiýeti uludyr. «Halas edijileriň başlangyç taýýarlygy», «Suwasty gözleg halas edijiler taýýarlygy», «Belent binalarda we desgalarda halas ediş işlerini geçirmek» boýunça ýörite okuw maksatnamasyny geçen hünärmenlerimiziň arasynda okuw-türgenleşikleri hem ýygy-ýygydan geçirilýär. Şeýle çäreleriň dowamynda tejribeli hünärmenler dürli adatdan daşary ýagdaýlarda ýaşaýyş jaýlarynda, önümçilik desgalarynda edilmeli hereketler we işler boýunça birek-birek bilen tejribe alyşýarlar.

Şeýle hem hünärmenlerimiz golaýda Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň halas edijileriniň arasynda geçirilen «Iň ussat halasgär» atly bäsleşikde hem üstünlikli çykyş edip, öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşik halas edijileriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda, ukyp-başarnygyny kämilleşdirmekde we olaryň fiziki we ruhy taýdan durnukly häsiýetlerini ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Merdan HOJAÝEW,
welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň Türkmenabat şäher halas ediş toparynyň hünärmeni, uly leýtenant.
Beýleki habarlar