Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Gökderede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky hem-de welaýatlardaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde sport-sagaldyş çäreleri geçirilýär. Golaýda Gökderedäki Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Gökdere kubogy ugrunda merkezara futbol ýaryşy guraldy.
Çekeleşikli geçen bäsleşik ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy.