2008-nji ýylda çempionat 2-nji gezek 2 ýurtda Awstriýa bilen Şweýsariýada geçirilýär. 16 toparyň gatnaşan ýaryşynda çärýek finalda Germaniýa Portugaliýany (3–2), Türkiýe Horwatiýany (1–1, 3–1 p), Russiýa Niderlandlary (3–1 g.w.) hem-de Ispaniýa Italiýany (0–0, 4–2 p) ýaryşdan çykarýar. Ýarym finalda Germaniýa Türkiýäni 3–2, Niderlandlar Russiýany 3–0 hasaplar bilen ýeňýär. Finalda-da Ispaniýanyň ýygyndysy Germaniýany Fernando Torresiň 33-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1–0 hasabynda ýeňip, 44 ýyldan soň 2-nji çempionlygyny gazanýar.
Çempionat 2012-nji ýylda ýene-de 2 ýurtda – Polşa bilen Ukrainada geçirilip, 16 ýygyndy ýaryşa gatnaşýar. Ýer eýeleriniň 2-sine hem toparçadan çykmak başartmaýar. Çärýek finalda Portugaliýa Çehiýany Ronaldonyň goly bilen 1–0, Ispaniýa bolsa Habi Alonsonyň gollary esasynda Fransiýany 2–0 hasaplar bilen ýeňýär. Germaniýa Gresiýany 4–2 ýeňse, Italiýa penaltileriň netijesine Angliýany utýar. Ýarym finalda Balotelliniň gollary bilen Italiýa Germaniýadan 2–1 hasabynda üstün çykýar. Golsuz geçen oýundan soň penaltilerde Ispaniýanyň ýygyndysy Portugaliýany ýaryşdan çykarýar. Kiýewdäki finalda-da Ispaniýanyň ýygyndysy Italiýany uly hasap bilen 4–0 (Silwa 14, Alba 41, Torres 84, Mata 88) hasabynda ýeňip, bassyr 2-nji, umumylykda-da 3-nji gezek yklymyň çempiony bolýar. Ýewropa çempionatynda ilkinji gezek bir ýygyndy yzly-yzyna çempionlyk gazanýar.