Beýik ösüşleriň binýady

5 Iýun 2024
381

12-nji iýun — Ylymlar güni

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizi ýokary depginler bilen ösdürmekde, onuň syýasy, ykdysady we medeni giňişlikde bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda ylym ulgamy aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçinem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürüldi. Ilkinji nobatda bellemeli zat hem, ýurdumyzda ylmyň hukuk esasy döredildi. Bu bolsa ulgamy kämilleşdirmekde, ony hil taýdan täze derejelere götermekde täze çemeleşmelere ýol açdy. Şonuň netijesinde, ähli ugurlarda öňdebaryjy tehnologiýalar, ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary giňden ornaşdyrylyp, ösüşiň täze belentliklerine ynamly ugur alyndy.

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».
Beýleki habarlar