Baýrama mynasyp sowgatly

5 Iýun 2024
412

Eziz Tagangulyýew, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy:

— Men 6-njy synpdan başlap, biologiýa, fizika derslerine ýykgyn etdim. Şunlukda, bu derslerden döwlet we halkara derejelerindäki ders bäsleşiklerinde ýokary netijeleri gazanyp gelýärin. Geçen okuw ýyllarynda maňa «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly taslama bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda, şeýle-de Litwa döwletiniň Wilnýus şäherinde geçirilen VILIPO halkara taslama bäsleşiginde üçünji orny eýelemek bagty miýesser etdi. Daşary ýurtlaryň 36-synyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu taslama bäsleşiginde öňe saýlanmak meni bilimimi has-da çuňlaşdyrmaga ruhlandyrdy. Men bäsleşige «Daşky gurşawy goramak we tygşytlylygy gazanmak» atly taslama işim bilen gatnaşdym. Şunda buýan kökünden alnan galyndylary zaýalaman, ondan gurluşyk önümini öndürmegiň usullaryny taýýarladyk. Ylmy ýolbaşçym Toýly Gurbanowyň ýardam bermeginde taýýarlan bu taslama işime mynasyp baha berildi. Biz taslama bäsleşiginden soňra Wilnýus şäheriniň gözel ýerlerine gezelenç etdik. Ol ýerdäki ajaýyp teatry we taryhy-medeni ýadygärlikleri ýakyndan synlamak bize ýatdagalyjy täsirleri bagyş etdi. Biz birnäçe daşary döwletleriň ýaşlary bilen dostlaşdyk. Olar gözel paýtagtymyzyň üýtgeşik owadanlygyny aýratyn belläp geçdiler.

Beýleki habarlar