Agrobiotehnologiýa — durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň şerti

30 Maý 2024
474

Hormatly Prezidentimiziň 10-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy tassyklandy. Täze döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde biotehnologiýanyň ähmiýetiniň uludygyny görkezýär. Şeýle tagallalaryň netijesinde, geljekde biotehnologiýanyň kömegi bilen ýurdumyzda ösen biosenagaty emele getirmegiň ylmy esaslary işlenip düzülýär.

Oba hojalyk toplumynyň innowasion ösüşinde biotehnologiýa ähmiýetli orun eýeleýär we ol geljegi uly ugur hasaplanýar. Uzak möhletli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, ýurduň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde, daşky gurşawyň barha üýtgeýän şertlerinde oba hojalyk önümçiligini ylmy esasda netijeli alyp barmakda innowasion çözgütleri öňe sürýän agrobiotehnologiýa geljegiň tehnologiýasydyr. Bio we nanotehnologiýalar oba hojalygynyň ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk, balykçylyk, weterinar lukmançylygy ýaly dürli ugurlarynda peýdalanylýar. Dünýäde ählumumy meseleleri çözmekde, oba hojalygynyň möhüm wezipelerini ýerine ýetirmekde, innowasion önümleri öndürmekde we hyzmatlary ýola goýmakda häzirki zaman agrotehnologiýalarynyň, şol sanda oba hojalygynda mikrobiotehnologiýanyň, fitobiotehnologiýanyň, zoobiotehnologiýanyň hem-de beýleki ýörite ugurlaryň orny uludyr.

Allaberdi GAPUROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar