Halypanyň şowly menzilleri
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şu işlerde welosiped sporty meşhurlygy bilen tapawutlanyp, ol ilatyň, türgenleriň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Indi dürli aralyklara welosipedli ýörişler köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi taryhy waka bolup, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolupdy. Indi her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde giňden bellenilip geçilýär.