Röwşen geljegiň kepili

29 Maý 2024
426

Ajaýyp zamanada ýaş nesillere mynasyp terbiýe bermek, olaryň sazlaşykly ösmegi, ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Sebäbi ýaşlar baradaky alada berkarar döwletimiziň röwşen geljeginiň kepilidir.

Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän mätäje ýardam bermek we ony goldamak ýaly asylly işler bu günki günde Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy degişli ugurda ynsanperwer işleri alyp barýar. Gazna tarapyndan çagalaryň saglygyny goramaga, durmuşda öz ornuny tapmagyna gönükdirilen haýyr-sahawat işleri amala aşyrylýar. Gaznanyň hasabyna näsag çagalara operasiýalar geçirilip, olaryň saglyklary dikeldilýär. Şeýle hem gazna tarapyndan çagalaryň wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär, dürli çäreler guralýar. Haýyr-sahawat gaznasynyň hemaýat etmeginde yglan edilen «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly surat bäsleşigi hem şol çäreleriň biridir. Bu bäsleşik çagalaryň sungata, surat çekmäge höwesini artdyrmaga giň ýol açýar.

Baýramgül Esenowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar