Ykbaly nurana ýaşlar

29 Maý 2024
407

Täze taryhy eýýamyň döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmeginde ýurduň ýaşlary egsilmez güýçdür. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tutuş many-mazmuny bu mizemez hakykaty nygtaýar. Sebäbi bagtyýar ýaşlaryň ruhubelentligini öňküden-de belende göteren bu ajaýyp eseri okanyňda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmakda, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmekde öňde durýan belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglanýandygyny ähli aýdyňlygy bilen görmek, duýmak bolýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynamyny ödemek ýaşlaryň baş maksady bolup durýar. Şeýle asylly maksada ýetmek üçin halkara ülňülere laýyk ylym-bilim öwrenip, hünärleri ussatlyk bilen ele alýan ýaşlar dürli pudaklarda netijeli zähmet çekýärler, telekeçilik işinde oýlanyşykly başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirýärler. Ýaş nesle bezeg berýän ahlak gymmatlyklarynyň oňyn netijeleri olaryň täze taryhy eýýamyň milli we döwlet maksatnamalarynyň üstünliklere beslenmegindäki mynasyp goşantlarynda hem aýdyň ýüze çykýar.

Bagtyýar Matdyýew,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Esenguly etrap geňeşiniň uly buhgalteri.
Beýleki habarlar