Guwandyryjy görkeziji

29 Maý 2024
380

Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky «Awaza» döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri iş depginlerini döwrüň ösen talaplaryna laýyk ýola goýmagy başarýarlar. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar — aprel aýlarynda 384,2 million kilowat sagada golaý elektrik energiýasyny öndürmegi başardylar.

Hormatly Prezidentimiziň energetika ulgamynyň işini kämilleşdirmek babatdaky tagallalaryndan göwünleri galkynýan kärhananyň hünärmenleriniň, geçen ýylyň ilkinji dört aýy bilen deňeşdirilende, 99 million kilowat sagat elektrik energiýasyny artyk öndürip, önümçiligiň ösüş depginini 135 göterime barabar ýokarlandyrmagy başarandyklary aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Beýleki habarlar