Ýewropa çempionaty 1992-nji ýylda Şwesiýada guralýar. Oňa 8 topar gatnaşýar. «A» toparçada Şwesiýanyň, Daniýanyň, Fransiýanyň, Angliýanyň, «B» toparçada Niderlandlaryň, Germaniýanyň, Şotlandiýanyň hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýygyndylary çykyş edýär. Çempionatyň başlanmagyna az wagt galanda, ýaryşdan çykarylan Ýugoslawiýanyň ornuna çagyrylan Daniýanyň ýygyndysy çempionatda taryhy başarnyk görkezýär. Angliýa bilen deňme-deň oýnap, Fransiýany ýeňen Daniýa ýarym finalda Niderlandlaryň garşydaşy bolýar. 2–2 deňlikde tamamlanan oýunda penaltilerde 5–4 üstün çykan Daniýa finala adyny ýazdyrýar. Onuň finaldaky garşydaşy Şwesiýany Hassler hem-de Ridleniň (2) gollary bilen 3–2 hasabynda ýeňen Germaniýa bolýar. Finalda-da Daniýanyň ýygyndysy Germaniýany Ýensen (18) hem-de Wilfortyň (78) gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňip, taryhy çempionlyk gazanýar.
4 ýyldan soň, ýagny 1996-njy ýylda çempionat ilkinji gezek futbolyň watanynda – Angliýada geçirilýär. Çempionata gatnaşýan toparlaryň sany artdyrylyp, ol 16-a çykarylýar. Gazanylan ýeňşe ilkinji gezek 3 utuk berilýär. Angliýa, Niderlandlar, Şotlandiýa, Şweýsariýa (A), Fransiýa, Ispaniýa, Bolgariýa, Rumyniýa (B), Germaniýa, Çehiýa, Italiýa, Russiýa (C), Portugaliýa, Horwatiýa, Daniýa, Türkiýe (D) döwletleriniň ýygyndylary çykyş edýär. Çärýek finalda Fransiýa Niderlandlary (0–0, 5–4 p), Çehiýa Portugaliýany (1–0, Poborski 53), Germaniýa Horwatiýany (Klinsmann 20 p, Sammer 59 – Şuker 51), Angliýa Ispaniýany (0–0, 4–2 p) ýeňýär. Ýarym finalda ýeňijileri penalti urgulary kesgitläp, Çehiýa Fransiýadan (0–0, 6–5 p), Germaniýa Angliýadan (1–1, 6–5 p) üstün çykýar. «Wembley» stadionyndaky finalda Germaniýanyň ýygyndysy Bergeriň goly bilen (59 p) öňe geçen Çehiýanyň ýygyndysyny Oliwer Birhoffyň 73-nji hem-de 95-nji minutdaky «Altyn goly» esasynda 2–1 ýeňip, 3-nji gezek yklymyň çempionlygyny gazanýar. Çempionatda angliýaly Alan Şirer 5 gol geçirip, sanawda iň öňdäki orny eýeleýär.