Nusgalyk sungatyň waspy

7 Aprel 2024
608

Taryhda döredilen gymmatlyklar özüniň gözelligi we täsinligi bilen tapawutlanýar. Şekillendiriş sungaty hem şeýle gymmatlyklaryň hatarynda durýar. Ol täsin öwüşginleri bilen ynsan duýgularyna täsir edýär. Şonuň üçin hem bu sungat asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnipdir, hatda kämil enjamlaryň döredilmegi bilen hem öz gymmatyny ýitirmändir.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda döredilen halylar, öwşün atyp duran şaý-sepler ajaýyp sungat eserleri bolup, adamzady haýrana goýýar. Olary synlan her bir adamyň kalbynda gözellik kemala gelýär, çünki bu täsinlik, ajaýyplyk tebigatyň gözelligi bilen sazlaşyklygy emele getirýär. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşlerine baýdygy bilen tapawutlanýar. Şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, zergärçilik, halyçylyk ýaly görnüşleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Maýsa HOJAÝEWA,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň şekillendiriş sungaty mugallymy.
Beýleki habarlar