MASLAHAT GEÇIRILDI

29 Mart 2024
448

Şu gün, 29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow  adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygyna, şeýle hem «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat geçirildi. Maslahata  ministrlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzdaky daşary  ýurt ilçihanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara Gutlagy okaldy.

«Zenan kalby».
Beýleki habarlar