Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

28 Mart 2024
287

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretarynyň “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada amala aşyrýan şu gezekki saparynyň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz jenap Husraw Nozirä maslahata gatnaşmagynyň netijeli bolmagyny hem-de onuň çäklerinde özara bähbitli gepleşikleri geçirmegini arzuw edip, saparyň jemleriniň Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda däp bolan gatnaşyklary, şol sanda syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Beýleki habarlar