Ylym — kämillige ýol

10 Fewral 2024
1155

Halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir. Halypa uly bir daragta, şägirt onuň miwesine meňzedilýär. Uzak döwrüň dowamynda munuň netijeli ugurdygyna göz ýetiren pederlerimiz halypa-şägirtlik ýoluny ýörelge derejesine çykarypdyrlar. Haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, halypa öz ugrunyň alymy hasaplanýar. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde halkyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtligi dowam etdirmegiň ähmiýeti diýseň uludyr.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda hem himiýa we himiýa tehnologiýalary ugrundan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bu ýerde işgärleriň 50 göterime golaýy ýaşlardyr. Olaryň sany her ýylda degişli ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň, ýagny Belarusuň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýaşlaryň hasabyna artýar. Himiýa ugrundan bilim alýan ýaşlary ylma çekmek üçin ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde uly işler alnyp barylýar. Institutyň binýadynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýatlyk kafedralary hereket edýär. Şeýle-de institutyň aspirantura bölümine ykdysadyýetiň dürli edara-kärhanalarynda işleýän ýaş hünärmenler aspirant hem-de dalaşgär hökmünde kabul edilip, bu ýerdäki alymlaryň we tejribeli ylmy işgärleriň ýolbaşçylygynda ylmy-barlag işlerini geçirýärler. Häzirki wagtda institutda 1 doktorant, 7 aspirant we 2 dalaşgär alymlyk derejesini almak bilen bagly ylmy işleriniň üstünde işleýär.

Hallymyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar