Ýuwuş suwy we ekişiň täze tehnologiýasy

7 Fewral 2024
1117

Hormatly Prezidentimiziň Kararlaryna we tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň alymlarynyň alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijesinde, ekin meýdanlarynda ösüş suwuny tygşytly peýdalanmak, suwarymly, şorlaşan ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak babatda önümçilik ähmiýetli tehnologiýalar hem-de usullar döredildi. Ýörite habarçymyz ýakynda şunuň ýaly ähmiýeti we geljegi uly işe teswir bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň oba hojalyk ylymlary bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, tehniki ylymlaryň kandidaty Aşyrmuhammet SAPARMYRADOWA ýüz tutdy.

— Häzirki wagtyň önümçiliginde şorlaşan eňňit ýerlerde adaty ýuwuş we tagt suwlary diňe keşler boýunça tutulýar. Munuň üçin gowaçanyň ekişinde, ilki bilen, suwaryş keşi çekilýär we olar boýunça tagt suwy tutulýar. Gerşiň topragy taba gelende, gowaça gerşe ekilýär. Şunda gowaçanyň ösüş suwlary hem şol keşler arkaly tutulyp, yzgar suwuň gerşe tarap hereketi netijesinde, topragyň zyýanly duzlary kem-kemden şol ýerde ýygnanýar. Şeýdibem, eýýäm ösüş döwründe, ekin ýerleriniň şorluk derejesine baglylykda, ýaş gowaça düýpleriniň 25 göterimine çenlisi guraýar. Munuň özi gowaçanyň hasylynyň kemelmegine getirýär. Şunuň ýaly ýagdaýyň öňüni almakdan ötri geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde, suwarymly şorlaşan ýapgyt ýerlerde täze görnüşli suwaryş keşlerini çekmegiň tehnologiýasy önümçilige teklip edildi. Önümçilige hödürlenýän bu ýönekeý tehnologiýa gowaçany ösdürip ýetişdirmekde iň möhüm agrotehniki çäreleriň biridir. Şeýle usul ýerlerde ýuwuş suwuny tutmaga we ekişi gowy hilli geçirmäge mümkinçilik berýär.

Ýazga geçiren Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar