Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri siziň öňüňizde sport üstünlikleriniň täze gapysyny açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, siz türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz. Dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraý-mertebesini gorajakdygyňyza berk ynanýaryn» diýip, merdana türgenlerimize ýüzlenip aýdan sözleri bu gün olaryň her birini täze-täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özlerine bildirýän belent ynamyny ödemek üçin yhlasyny, ukyp-başarnygyny, zehinini aýamaýan türgenleriň bolsa ýurdumyzyň çar künjeginde müňlerçesi bar. Şolaryň biri-de Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy Rustam Guseýnowdyr.
Rustam häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Balkan kän» müdirliginiň Baleýşem önümçilik meýdançasynda kebşirleýji bolup zähmet çekýär. Bu bolsa sport bilen meşgullanmak, ýaryşlarda öz zehiniňi, ukybyňy görkezip, üstünlik gazanmak üçin Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda hem oňaýly şertlerdir mümkinçilikleriň döredilendigini, çagalykdan sport bilen meşgullanyp başlan adamyň soňra haýsy kärde işlese-de, öz söýgüli sport görnüşini hemişelik hemra edinýändigini görkezýär.