Aşgabadyň dokma toplumynda hem ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş çärelerini ýaýbaňlandyrmak boýunça ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.
Köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagaldyş çärelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak maksady bilen, Aşgabadyň dokma toplumynyň mejlisler zalynda ýaşlaryň gatnaşmagynda «Sport – sagdynlygyň gözbaşy» diýen at bilen geçirilen ylmy-amaly maslahat hem bu hakykatyň beýanyna öwrüldi.