Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Küşt federasiýasy bilen bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 20 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi.
Küşt sportuny wagyz etmek hem-de ýaşlar ýygyndy toparlaryna mynasyp türgenleri saýlap almak maksady bilen geçirilen ýaryşlar çekeleşikli häsiýete eýe boldy.