Katarda dowam edýän futbol boýunça 18-nji Aziýa Kubogynda 1/8 finalyň duşuşyklary geçirilip, çärýek finala çykanlar belli boldy. Afrika Milletler Ligasyna garanyňda, garaşylmadyk netijeleri azrak bolan çempionatda Saud Arabystanynyň ýygyndysyna çärýek finala çykmak başartmady. Ilkinji gezek gatnaşýan Täjigistanyň ýygyndysy bolsa ýaryşy dowam etdirýär.
1/8 finalda Awstraliýanyň ýygyndysyna ilkinji ýola toparçadan çykmagy başaran Indoneziýany ýeňmek kyn düşmedi. 4–0 hasabynda ýeňiş gazanan Awstraliýanyň gollaryny Baggott (ö.d.), Boýl, Gudwin hem-de Suttar geçirdi. Awstraliýanyň ýygyndysy 5-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda her saparam çärýek finala çykmagy başardy.