Angliýanyň çempionatynda duşuşyklar ençeme wagtdan soň adaty ýagdaýda geçirilip, tapgyryň merkezi oýnunda «Liwerpul» öz meýdançasynda «Çelsini» 4–1 hasabynda ýeňdi. Žota, Bredli, Soboslai hem-de Diazyň gollary bilen uly hasaply ýeňiş gazanan «Liwerpulda» 42-nji minutda Nunýesiň uran penaltisi sütüne degdi. Tapgyryň başga bir ünsi çeken duşuşygynda-da «Nýukasl» myhmançylykda «Aston Willany» Şeriň (2) hem-de Morenonyň (ö.d.) gollary bilen 3–1 hasabynda utdy. Çempion «Mançester Siti» 2-nji liganyň çempiony «Börnlini» 3–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şäherlileriň gollarynyň 2-sini Alwares, beýlekisini-de Rodri geçirdi. «Arsenalyň» myhmançylykda «Nottingam Foresti» 2–1 hasap bilen ýeňen tapgyrynda London derbisinde «Tottenham» garşydaşynyň öňe saýlanandygyna garamazdan, «Brentforddan» 3–2 hasabynda üstün çykdy. Tapgyryň iň geň galdyryjy netijesi «Luton Tawnyň» öz meýdançasynda «Braýtonyň» derwezesinden jogapsyz 4 gol girizmegi boldy. Eýýäm 3-nji minutda 2–0 hasabynda öňe saýlanan «Luton Tawnyň» gollarynyň 3-sini Adebaýo öz adyna ýazdyrdy.
Italiýanyň çempionatynda sanawyň lideri «Inter» myhmançylykda «Fiorentinany» Lautara Martinesiň ýeke-täk goly bilen ýeňlişe sezewar etdi. 18-nji minutda hüjümçisi (Arkadiuş Milik) gyzyl kart alan «Ýuwentus» öz meýdançasynda «Empoli» bilen 1–1 hasabynda deňme-deň oýnady. Loftus-Çigiň 2 goluna (45, 83) garşylyk Zirkzee (29) hem-de Orsolininiň (90+2 p) geçiren gollary bilen «Milan»–«Bolonýa» duşuşygynda ýeňiş gazanan bolmady. Soňky minutda ýeňşi elden gideren «Milanyň» fransuz futbolçylary 42-nji we 74-nji minutlarda degişlilikde, Oliwie Žiru bilen Teo Hernandes penalti urgularyny takyk urup bilmediler. «Lasio» bilen «Napoliniň» arasyndaky oýundan gol sesi eşidilmedi. «Roma» bolsa myhmançylykda «Salernitanany» Dibala hem-de Pellegrininiň gollary esasynda 2–1 hasabynda utdy.