«Bar­se­lo­na» 61 ýyl­dan soň 5 gol ge­çirt­di

2 Fewral 2024
637

Is­pa­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Ži­ro­na» myh­man­çy­lyk­da «Sel­ta» to­pa­ryn­dan Por­tu­nyň 20-nji mi­nut­da ge­çi­ren ýe­ke-täk go­ly esa­syn­da üs­tün çyk­dy. «Re­al Mad­rid» myh­man­çy­lyk­da «Las Pal­mas» bi­len du­şu­şyp, ýer eýe­le­ri­niň öňe ge­çen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, Wi­ni­si­us Ju­ni­or hem-de Tçua­me­ni­niň gol­la­ry esa­syn­da 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­zan­dy. Tap­gy­ryň iň köp ün­si çe­ken du­şu­şy­gy Bar­se­lo­na şä­he­rin­de bo­lup, ka­ta­lon­lar öz meý­dan­ça­syn­da «Wil­ýar­re­al­dan» 5–3 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Mo­re­no hem-de Aho­ma­şyň gol­la­ry bi­len öňe saý­la­nan «Wil­ýar­rea­la» «Bar­se­lo­na» to­pa­ry Gün­do­ga­nyň, Ped­ri­niň hem-de Be­ýi­niň (aw­to­gol) gol­la­ry bi­len jo­gap be­rip, ha­sa­by 3–2-ä çy­kar­dy. Ýö­ne 84-nji mi­nut­da tä­ze trans­fer Ge­de­şiň go­ly bi­len ha­sa­by deň­län «Wil­ýar­re­al» 90-njy mi­nut­dan soň 2 gol ge­çi­rip, ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Gar­şy­lyk­la­ýyn hü­jüm­ler­de gol­la­ry 90+9-njy mi­nut­da Ser­lot, 90+12-nji mi­nut­da-da Mo­ra­les öz at­la­ry­na ýaz­dyr­dy­lar. «Bar­se­lo­na» çem­pio­nat­da 61 ýyl­dan soň öz meý­dan­ça­syn­da 5 gol ge­çirt­di. Soň­ky sa­par «Re­al Mad­rid» 1963-nji ýyl­da «Kamp Nou­da» «Bar­se­lo­na­nyň» der­we­ze­sin­den 5 gol ge­çi­rip­di (5–1). 20-nji tap­gy­ryň gal­dy­ry­lan du­şu­şy­gyn­da-da «Bar­se­lo­na» öz meý­dan­ça­syn­da «Osa­su­na­ny» tä­ze trans­fer Wi­tor Ro­ke­niň oý­na gi­re­nin­den 1 mi­nut soň 63-nji mi­nut­da ge­çi­ren go­ly esa­syn­da 1–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. 22-nji tap­gyr­da «Wa­len­si­ýa­ny» Li­no hem-de De­pa­ýyň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýe­ňen «At­le­ti­ko Mad­rid» 20-nji tap­gy­ryň gal­dy­ry­lan du­şu­şy­gyn­da «Ra­ýo Wal­le­ka­no­ny» 90-njy mi­nut­da ýe­ne-de De­pa­ýyň go­ly esa­syn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di (2–1).

Beýleki habarlar