Geçen hepdäniň ahyrynda Ýewropanyň öňdebaryjy 2 klubundan birmeňzeş habar gelip gowuşdy. «Premier Ligada» çempionlyga ymtylýan «Liwerpul» toparynyň hem-de «La Ligada» geçen möwsümiň çempiony «Barselonanyň» tälimçileri möwsümiň ahyrynda tälimçilik edýän klublaryndan gitjekdiklerini aýtdylar.
«Premier Ligada» häzirki wagtda sanawyň 1-nji ornunda barýan «Liwerpul» toparynyň tälimçisi Ýurgen Klopp möwsümiň ahyrynda klubdan gidýändigini mälim etdi. 56 ýaşyndaky germaniýaly hünärmeniň wezipesini taşlajakdygy klubuň sosial media ulgamy arkaly habar berildi. Klopp: — Bu habary eşideniňizde köpiňiz geň galyp bilersiňiz. Ýöne muny size düşündirmekçi. Men «Liwerpuly» gowy görýän, bu şäheri, topary, janköýerleri, toparyň düzümini halaýaryn. Ýöne şeýle netijä geldim. Güýjüm gutarýar. Häzirki wagtda mesele ýok. Emma şu habary bermelidigimi köp wagtdan bäri bilýärin. Şu wagt ýagdaýym gowy, ýöne... — diýip, beýanat berdi.