Möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» tennis ýaryşy bolan «Awstraliýa Açyk» tamamlandy. 112-nji gezek geçirilen ýaryşda erkekleriň arasynda täze çempion ýüze çykan bolsa, zenanlarda geçen ýylyň ýeňijisi çempionlygyny goramagy başardy. Esasan hem, zenanlaryň arasynda ýaş tennisçileriň öňe saýlanan ýaryşynda erkekleriň arasynda italiýaly Ýannik Sinner taryhy çempionlyk gazandy. Zenanlardan bolsa belarusly Aryna Sabalenka bassyr 2-nji gezek çempion diýen ady eýeledi. Çempion bolan tennisçileriň hersine aýratynlykda 2,1 million amerikan dollary (3 million 150 müň awstraliýa dollary) pul baýragy berildi.
Ilkinji italýan tennisçisi