Belkanyň ýüňünden täze dokma önümleri alnar

29 Ýanwar 2024
1052

Durnukly materiallary öndürýän ABŞ-nyň «Bloom Labs» kompaniýasy pagta, ýüpek ýa-da poliester ýaly häsiýetlere eýe boljak täze süýümler üçin tebigy ýüňi gaýtadan işlemegiň usulyny tapdy. Kompaniýa indi önümçiliginde belkalaryň ýüňünden peýdalanar.

Pagta, ýüpek we poliester ýaly materiallaryň düzümine garylyp taýýarlanjak täze süýümiň tebigylygy we ýumşaklygy bilen isleg bildirilýän önüme öwrüljekdigi baradaky habarlar kompaniýanyň sosial ulgamynda yzygiderli berilýär.

Beýleki habarlar