Ekologiýa abadançylygy — ýurduň baýlygy

17 Ýanwar 2024
1348

Ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş meselesi hyzmatdaşlygyň has möhüm meseleleriniň biri hökmünde kesgitlendi. BMG-niň belent münberinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetendigine ünsi çekipdi. Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen dünýäniň we sebitiň ekologik meseleleri bilen bagly möhüm başlangyçlary öňe sürüp, olaryň çözgüdine degişli ençeme teklipleri hem girizdi.

Bahadir ÝULDAŞOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar