Syratlylygyň syry

17 Ýanwar 2024
713

Adam bedenindäki artykmaç ýaglaryň saglygymyza zyýan ýetirýändigi hemmämize mälimdir. Olardan dynmak üçin käbir gök-bakja önümlerini, miweleri we içgileri peýdalanyp bolar. Olar bedendäki ýaglaryň okislenmegine we ýok bolmagyna kömek edýär. Mysal üçin, badamjanyň bejerijilik täsiri ondaky ýokary iýmit süýümi bolan pektin bilen baglanyşyklydyr. Buglanan badamjan has-da oňyn tasirini berýär.

Gök çaý hem bedendäki ýagy ýakýan iň täsirli içgileriň biridir. Çünki gök çaýda kateşin bar. Içindäki antioksidantlar metabolizmi çaltlandyrmaga we ýagyň ýanmagyny ep-esli ýokarlandyrmaga kömek edýär. Şonuň üçin gök çaýy yzygiderli içýänler, köplenç, ýeňil horlanýarlar.

Serdar EREŞOW,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar