Daşky gurşawy goramakda ýurdumyzyň tejribesi

16 Ýanwar 2024
1235

Daşky gurşawy goramak howanyň üýtgemegi bilen belli bir derejede baglydyr. Howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde örän wajypdygy hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bilen düşündirilýär.

Häzirki döwürde adamzadyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri tutuş dünýäniň üns merkezinde saklanýar. Şoňa görä-de, adam bilen biosferanyň özara baglanyşygy, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak döwrüň iň möhüm wezipeleriniň biridir. Ýer ýüzünde howanyň üýtgemeginiň dünýä ykdysadyýetine we adamzadyň geljegine edýän täsirini soňky ýyllarda geçirilen barlaglar aýdyň görkezýär.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar