Ak alligator

9 Ýanwar 2024
1685

Florida ştatyndaky Gatorland seýilgähi üýtgeşik bir «jandara» eýe boldy. Seýilgähde örän seýrek duş gelýän ak alligator dünýä indi. Ol adamlaryň goltgy bermeginde dünýä inen ilkinji alligatordyr. Bu kiçijik täsinlik dünýäniň saýlama toparynyň düzümine girdi.

Gatorland seýilgähiniň baş müdiri Mark Makhýu: «bu alligatoryň dünýä inmegi «örän seýrek» we «örän täsin» diýip belledi. Täze dünýä inen urkaçy alligatoryň we onuň erkek doganlarynyň agramlary 96 gram we boýlary 50 santimetre golaý. Öz albinos kowumdaşlaryndan tapawutlylykda, bu alligatorlar gök gözleri bilen haýran galdyrýar. syýahatçylar ýakyn wagtda olary görüp bilerler. Şu ýyl olaryň köpçülige ilkinji gezek görkezilişi bolar, häzirlikçe bolsa, olar weterinar lukmanlarynyň gözegçiliginde saklanýarlar.

Aýjeren ILLIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar