Arassaçylyk — saglygyň girewi

3 Ýanwar 2024
514

Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadyryny bilgil, hasta bolmasdan burun» diýen dürdäne setirlerinde beýan edilişi ýaly, başyň täjine deňelýän jan saglygyň hakynda aýratyn alada etmek derwaýysdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň we şahsy arassaçylygyň kadalaryny berjaý etmek dürli keselleriň öňüni almakda wajyp bolup durýar. Gyş paslynda howanyň üýtgemegi, onda zyýanly tozanjyklaryň peýda bolmagy bilen, dürli keselleri dörediji mikroblar, bakteriýalar we wiruslar köpelýär. Bu möwsümde ýüze çykýan kesellere garşy göreşmek üçin, ilkinji nobatda, arassaçylyga, kadaly we dogry iýmitlenmäge aýratyn üns bermelidir. Möwsümde ýüze çykýan dürli keselleri dörediji mikroblar, bakteriýalar we wiruslar daşky gurşawda durnuklylygy saklamaga ukyplydyrlar. Şol sebäpli hem öýlerde, otaglarda ýygy-ýygydan çygly süpürgiç bilen arassalaýyş işlerini geçirmeli, penjireleri açyp ýelejiretmeli. Mundan başga-da, otaglarda yzygiderli üzärlik tütetmeli. Daşardan, jemgyýetçilik ýerlerinden gelnenden soň, nahardan öň we soň, okuwçylar bolsa okuw esbaplaryny ulanandan soň, eller hökmany suratda sabyn bilen gowy ýuwulmalydyr. Sebäbi howply keselleriň aglabasynyň elleriň üsti bilen geçýändigini unutmaly däldir. Elleri dürli zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassalamaly.

Arassaçylyk saglygyň girewidir, ony dogry we doly berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr.

Arazmyrat HANGELDIÝEW,
Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy.
Beýleki habarlar