Muny bilmek gyzykly

2 Ýanwar 2024
2121

Çagalar, siziň hemmäňiz haýwanat dünýäsini söýýän bolmaly. Mysal üçin, pişijekleriň, güjüjekleriň ýa-da bolmasa beýleki eýjejik jandarlaryň hereketleri siziň ünsüňizden asla düşenok. Siz olar bilen dostlaşjak hem bolýarsyňyz. Umuman, siz tebigaty eý görýäňiz. Hut şonuň üçinem, tebigatyň bir ülşi bolan haýwanlar bilen tanyşmak size gyzykly bolsa gerek! Geliň, onda bilelikde olaryň ýene-de käbirleri hakyndaky gyzykly maglumatlary öwreneliň!

Kirpi — bu jandaryň ady size tanyşdyr. Muňa ýabany haýwan diýilse-de, biz ony kämahallar, melleklerimiziň içinde ýa öýümiziň töwereklerinde hem görýäris. Ol özboluşly häsiýetli jandar. Biler bolsaňyz, kirpiler 18 ýyla golaý ýaşap bilýär. Olaryň aýaklarynyň bäş barmagy bolup, ol kirpileriň çalt hereket etmegine ýardam berýär. Özlerem şol aýajyklaryň kiçijikdigine garamazdan, uzak ýoly geçmäge-de şeýle ukyply weli, kirpiler öz aýaklarynyň kömegi bilen günde 3 kilometre golaý ýoly geçip bilýär. Adatça, kirpiniň tikenleri barada aýdyp geçsek, olaryň sany ortaça 10 müňe ýetýär. Kirpileriň tikenleri her üç ýyldan täzelenip durýar. Kirpileriň hemme görnüşlerinde diýen ýaly tiken bardyr, ýöne onuň Malaýa diýlip atlandyrylan görnüşi tikensizdir.

Mähriban DERÝAÝEWA,
Kaka etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar