2023-nji ýylda alymlar jandarlaryň 150-den gowrak täze görnüşlerini tapdylar

24 Dekabr 2023
1699

Kaliforniýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary 2023-nji ýylda ozal ylma belli bolmadyk jandarlaryň 153 sanysyny bellige alyp, olar barada maglumatlary jemlediler. Bu sana 66 görnüş möý, 20 görnüş deňiz sülekeýi, 18 görnüş ösümlik, 13 görnüş deňiz ýyldyzlary, 12 görnüş gekkon, 10 görnüş tomzak, 5 görnüş balyk, gurçuklaryň 4 görnüşi, 2 görnüş ary, 1 görnüş deňiz ulitkasy, 1 içýan we 1 aýaksyz ssink degişli. Barlaglar Ýitip barýan jandarlary goramak baradaky kanunyň (ESA) 50 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Alymlaryň aýtmagyna görä, ýokarda agzalan jandarlaryň käbirlerine ýakyn geljekde ýok bolmak howpy abanýar. Olaryň içinde San-Hoakin çölüniň içýany-da bar. Bu içýana «Paruroctonus tulare» diýen ylmy at beripdirler. Jandarlaryň azalmagyna, ýitmegine howanyň üýtgemegi we oba hojalygyň ösmegi täsir edýär. Şonuň üçin alymlar ýitmek howpy bolan jandarlara goralmak derejesini bermegi teklip edýärler.

«Jandarlaryň, şol sanda içýanlaryň hem köp görnüşleri resmi taýdan hasaba alnyp ýetişilmänkä, ýok bolup gidendir. Bulary näçe tiz goraga alsak şonça gowy» diýip, ylmy işe gatnaşyjylaryň biri nygtaýar.

Taýýarlan: Tirkiş REJEBOW,
Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar