Ata kesbi — ogla halal

20 Dekabr 2023
1348

 Türkmençilikde «Ata kesbi — ogla halal» diýlen jümle bar. Muny Çärjew etrabynyň çägindäki «Mizemez gadam» hususy kärhanasynyň başlygynyň önümçilik boýunça orunbasary Tagaýmyrat Guwanjowyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.

2018-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlan Tagaýmyrat zähmet ýoluna Türkmenabat Halkara howa menzilinde inžener bolup girişen hem bolsa, wagtyň geçmegi bilen, kakasy, tejribeli telekeçi Guwanç Seýidowyň işlerine goldaw berip başlady. Munuň esasy sebäbi bolsa döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaş telekeçileriň işleriniň kämilleşmegine gönükdirilen giň mümkinçiliklerdir.

Beýleki habarlar