Ak bugdaýyň unundan toý sowgatlary

19 Dekabr 2023
1244

Ak bazarlaryň we söwda nokatlaryň dürli azyk harytlary bilen baýlaşmagynda ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleriniň uly goşandy bar. Şolaryň hatarynda türkmen topragynda ýetişdirilen ak bugdaýyň unundan «Tomus» haryt nyşanly çörek we konditer önümleriniň önümçiligini alyp barýan kärhanany agzamak ýakymly.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, tejribeli telekeçi Osman Muhammetnyýazowyň ýolbaşçylyk edýän bu kärhanasy Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. Indi ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri hereket edýän kärhanada ýokary hilli çörek we konditer önümleriniň dürli görnüşleri öndürilip, halkymyza hödürlenýär.

Bägül BEGENJOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, «Ahal durmuşy». SURATLARDA: kärhananyň işinden görnüşler. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Beýleki habarlar