Ekologiýa abadançylygy ugrunda

19 Dekabr 2023
1606

Ýurdumyz ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara tagallalary utgaşdyrýar. Munuň şeýledigini bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem tassyklaýar. Tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim we ýokary sanly tehnologiýalar ulgamyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak üçin türkmen ýaşlaryna döredilýän ähli mümkinçilikler öz ajaýyp miwelerini berýär. Ýaňy-ýakynda Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň çäklerinde BMG-niň howa boýunça 18-nji Ýaşlar maslahaty hem 165 döwletden müňlerçe ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Bu maslahata ýurdumyzyň zehinli ýaşlary işjeň gatnaşyp, howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykýan derwaýys meseleler barada çykyş etdiler. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda diňe bir ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna däl, eýsem, dünýä ýurtlaryndaky forumlardyr maslahatlara hem işjeň gatnaşyp, zehin, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, dünýägaraýşyny giňeldip tejribelerini has-da kämilleşdirmekleri üçin amatly şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar