Döwrebap hyzmatdaşlyk

19 Dekabr 2023
634

Paýtagtymyzda geçirilen XI Türkmen-german lukmançylyk forumyna welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmanlary hem sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Forumyň barşynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň dünýä belli klinikalarynyň professorlarydyr lukmanlarynyň çykyşlary diňlenildi.

Asylly däbe öwrülen ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak we bejermek, gaýragoýulmasyz kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Azat KURBANOW,
welaýat köpugurly hassahanasynyň 2-nji hirurgiýa bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar