Döwrebaplyk gazanylýar

15 Dekabr 2023
666

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygy ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty barha dabaralanýar.

Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezine ýanyk şikesi bilen ýüz tutup gelýän näsaglary merkeziň kabul ediş bölüminde ýerleşýän gaýragoýulmasyz tiz kömek otagynda bir wagtda 6-sany näsagy kabul edip, bejergi çäreleri, şeýle hem gerek bolan laborator barlaglary edilýär. Hereketi çäklenen näsaglary ýerinden gozgaman, mobil lukmançylyk enjamlaryň kömegi bilen funksional barlaglary geçirilýär. Syrkawlar ýörite arassalaýyş wannalaryň kömegi bilen arassalanyp, degişli bölümine ýerleşdirilýär. Şol bir wagtyň özünde ýanyk ýaralardan bakteriologiki ekişe çyrşantgy alynýar we merkezimizde ýerleşdirilen bakteriologiki barlaghana bölüminde ekiş edilýär. Onuň ýanyk ýarada bolan patologiki mikroflorasynyň duýgurlygy anyklanylýar. Bu bolsa etiopatologiki bejergini geçirmäge uly ýardam berýär.

Muhammet ORAZGELDIÝEW,
Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň çagalar bölüminiň kombustiolog lukmany.
Beýleki habarlar