Hususy pudakda işler ileri

15 Dekabr 2023
1419

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek, Täze ýyly zähmet sowgatlary bilen mynasyp garşylamak ugrunda yhlas edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 30-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde söwda toplumynda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli göçme söwda nokatlarynyň guralmagynyň möhümdigine ünsi çekip, olarda ildeşlerimiziň baýramçylyk saçaklaryny naz-nygmatlar bilen bezemegi üçin dürli görnüşli harytlaryň bolmalydygyny tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ilatyň dürli görnüşli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we welaýatlarda baýramçylyk söwdasy guralýar, meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde söwda we beýleki hyzmatlary hödürlemek boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň 25-nji noýabrda geçirilen 4-nji maslahatynda «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanun kabul edildi. Ýurdumyzyň geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň ugurlary anyk kesgitlenip, onda ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini, hususy pudagy ösdürmek üçin şertlerdir mümkinçilikler hem göz öňünde tutulandyr. Ol «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda», «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurt bazarlaryna iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda» we beýleki döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan wezipelerden ugur alnyp taýýarlandy.

Saparmyrat OWGANOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.
Beýleki habarlar