Sport we saglyk diýlen düşünjeler aslynda bir bitewülige eýe bolup, onuň gözbaşynda adamzadyň sagdyn hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy jemlenendir. Sport adama saglyk bilen birlikde, ruhubelentligi, ýaşaýşa bolan söýgini, özüňe bolan ynamy pugtalandyrýar. Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni has hem kämilleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýär. Saglyk bilen bitirilmejek iş bolmaz. Şonuň üçin hem ähli zadyň sakasy saglykdyr diýilýär. Häzirki wagtda akylly, paýhasly, terbiýeli, bilimli ýaş nesli kemala getirmek babatda alnyp barylýan beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Şunda sport bilen meşgullanmagyň, arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň jemgyýetiň sagdynlygynyň, il saglygynyň üpjün edilmeginde ähmiýeti ýokarydyr.