Ekologiýa abadançylygy — döwrüň derwaýys wezipesi

13 Dekabr 2023
1653

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde iş saparynda bolup, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmagy hem-de onda çykyş etmegi baky Bitarap ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny, dünýäniň howpsuzlygynyň we sagdyn geljeginiň bähbidine ähli tagallalary edýändigini ýene bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi. «COP28» maslahatynyň çäklerinde azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramagyň maliýeleşdirilmegini özgertmek, howa şertlerini nazara almak bilen, ekologik ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen çäreler döwrüň derwaýys wezipeleriniň biri bolan ekologiýa meselelerini çözmekde wajyp ähmiýete eýe boldy. Bu babatda biz welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň inžener-himigi Hojadurdy Aşyrow bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi:

— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramakda we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde diňe bir ýurdumyzda däl, tutuş sebit, dünýä babatynda hem uly aladalary edýär. Muny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyndaky çykyşy hem-de ählumumy forumyň çäklerinde geçirilen çäreler aýdyň görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan beýan etmegi möhüm ähmiýetli waka boldy. Bu gün ekologiýanyň arassalygy döwrüň iň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Türkmen topragy ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklaryň ummasyz gorlaryny özünde jemleýär. Tebigatyň eçilen şol baýlyklaryny gorap saklamak, olary rejeli peýdalanmak şu günki alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň esasy özeni bolup durýar. Tebigy baýlyklarymyzy senagat taýdan özleşdirmek, olardan dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri taýýarlamak hem-de şeýle önümleriň sarp edijilere ýetirilýän möçberlerini durnukly artdyrmak täze taryhy eýýamda aýratyn ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu babatda senagatyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan döwletli tutumlar bellenilmäge mynasypdyr.

Gürrüňi ýazga geçiren Toýmämmet REJEBOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar