Gyzgalaňly söwda we döwrebap hyzmat

11 Dekabr 2023
1212

Hemmeleriň ýagşy arzuwlar bilen garaşýan Täze ýyl baýramy önüm öndürijilerdir hyzmatlar ulgamyndaky işewürler üçinem örän gyzgalaňly döwür. Ýakynlaryňy gutlamak we Täze ýyly naz-nygmatdan doly baýramçylyk saçagynyň başynda garşy almagyň lezzeti durmuşa söýgiňi artdyrýar. Hut şoňa görä-de, bütin dünýäde bu baýramçylygyň öňüsyrasynda söwda merkezlerindäki we bazarlardaky işjeňlik has-da artýar. Ýurdumyzda ýylyň soňky aýynda iki baýramçylygyň — Halkara Bitaraplyk gününiň we Täze ýyl baýramçylygynyň giňden bellenilmegi ildeşlerimiziň kalbyna ruhubelentlik eçilýär. Paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki bazarlardyr söwda-dynç alyş merkezlerindäki bolçulyk, şanly seneler mynasybetli guralan göçme söwda nokatlaryndaky sowgatlyklar gözüňi dokundyrýar. Arzanladyşlar, aksiýalar we dürli görnüşli baýramçylyk çäreleri bolsa söwdanyň has-da gyzgalaňly bolmagyny şertlendirýär.

Halkyň hyzmatyndaky söwda tory

Çary ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy hünäriniň talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar