Telekeçilik – döwletiň altyn gaznasy

11 Dekabr 2023
1271

Telekeçilik – halkyň şu güni, eşretli ertiri. Gurmak, döretmek, önüm öndürmek, haryt dolanyşygyny ýola goýmak, eksport we import... biziň gündelik durmuşymyza ornaşyp gitdi. Indi şu günümizi, ertirimizi telekeçilik ulgamyndan üzňe göz öňüne getirip bolmaýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçilik ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak, telekeçilik kärhanalarynyň sanyny artdyrmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususyýetçileriniň yzygiderli aladalary bilen öndürilýän önümleriň we harytlaryň bolçulygyny döretmekde ýokary netijeler gazanylýar. Munuň özi daşyndan getirilýän önümleri azaltmak, özümizde öndürilýän önümleri köpeltmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işlere mynasyp goşantdyr.

Maksud Toraýew,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar