Kärhananyň gazanýan üstünlikleri

6 Dekabr 2023
1297

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe telekeçilik ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň abadançylygyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak baradaky döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak, telekeçilik kärhanalarynyň sanyny köpeltmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususyýetçileriniň yzygiderli aladalary bilen, öndürilýän önümleriň we harytlaryň bolçulygyny üpjün etmekde ýokary netijeler gazanylýar. Munuň özi daşyndan getirilýän önümleri azaltmak, özümizde öndürilýän önümleri köpeltmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlere mynasyp goşantdyr.

Şeýlelikde, soňky ýyllarda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri dünýäniň dürli döwletlerine eksport edilýär. Bu ugurdaky işleriň giň gerime eýe bolmagynda welaýatymyzyň işewürleriniň gazanýan netijeleri-de guwandyrýar. Bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleri we harytlary bilen dünýä bazarlaryna çykýan telekeçileriň sany barha köpelýär. Munuň özi ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň artmagyna, hil derejesiniň ýokarlanmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine getirýär.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar